744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
15.03.2025
Türkmenistan Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlanýar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilýonynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasaty netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, ýetilen belent sepgitler giňden beýan ediler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilmegi teklip edilýän çäreleriň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi