744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
17.03.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda duşuşyk geçirildi

16-njy martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaçysy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kataryň Emiriniň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani gowy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna mukaddes Oraza aýynda tutulýan orazalaryň we ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuwlap, iň mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.

Türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeňleşýändigini bellemek bilen, şu ýylyň 3-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtady.

Konstruktiw ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi. Hususan-da, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumynyň geçiriljekdigi aýdyldy bu halkara foruma we baýramçylyk çärelerine Katar tarapy gatnaşmaga çagyryldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi