744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
17.03.2025
Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirildi

16-njy martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi hem-de durnukly ynanşykly syýasy dialog barada nygtamak bilen, ministrler iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň türkmen-katar gatnaşyklaryna uly itergi berýändigi aýdyldy.

Şeýle hem, söhbetdeşligiň barşynda taraplar energetika, maýa goýum we ulag ugurlary türkmen-katar gatnaşyklarynda geljegi uly ugurlara öwrüljekdigini nygtadylar.

Mundan başga-da, sebit howpsuzlygy we ösüşiň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady ýagdaýlar barada düýpli pikir alyşyldy.

Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr bolan Owganystanyň çägindäki Serhetabat-Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň gidişi barada aýdyldy. Katara tarapy bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.

Şeýle hem taraplar Halkara Guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli Forumy barada aýdylyp, bu ýokary derejeli foruma gatnaşmaklyga Katar tarapy çagyryldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi