Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlugy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Walentina Matwiýenkonyň köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýolbaşçylarynyň biri, Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hökmünde döwlet we halkara işlerini işjeň alyp barmak bilen, däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän Nowruz baýramy mynasybeti tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi we Russiýanyň iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini nygtady hem-de ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmaga çalyşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň häzirki wagtda, şeýle hem uzakmöhletli geljekde bu işde möhüm orun eýelejekdigine berk ynam bildirildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunda özara gatnaşyklaryň täze formatlaryny döretmek we netijeli hereket etmegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen başlangyçlaryň ähmiýetine üns berildi. Biziň ýurtlarymyz bu ugurdaky hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýarlar. Hususan-da, Walentina Matwiýenkonyň goldaw bermeginde parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry – Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentarileriniň duşuşyklary barada gürrüň edildi. Şunuň bilen birlikde, “Merkezi Aziýa—Russiýa” zenanlar dialogynyň täze ösüşe eýe bolandygy nygtaldy.
Şu formatlaryň çäklerindäki ilkinji çäreler 2022-nji ýylyň maý aýynda geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we parlamentarileriň nobatdaky duşuşygyny hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny guramagy teklip etdi.
Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde giň gerimli döwletara dialogyny ösdürmek işinde, ony hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda iki ýurduň parlamentarileriniň möhüm orny bellenildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň bu ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.
Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Walentina Matwiýenkonyň döwlet, syýasy we jemgyýetçilik işi köp babatda eneligi we çagalygy, saglygy goramak, çagalara bilim bermek meseleleri bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň çagalar bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen giň möçberli, uzakmöhletli strategiýalary hem-de maksatnamalary taýýarlamak, kabul etmek we durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlaryna uly hormat bilen garaýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, çaganyň beden we aň taýdan sazlaşykly ösmegi, lukmançylyk, durmuş we beýleki kömegi bermek, ýaş türkmenistanlylary goldamak üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek maksady bilen, döwletimizde ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly maslahat geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli wekiliýetini öňümizdäki foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň parahatçylygyň belent ýörelgelerini hem-de hoşniýetlilik we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny ilerletmekde saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, russiýaly parlamentarileriň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere, ilkinji nobatda, çagalaryň bähbidine halkara işine bagyşlanan maslahata gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.