Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli serginiň çäklerinde geçirilýän halkara forum ýurdumyzyň hususy böleginiň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak hem-de döwletiň we hususy bölegiň arasynda hyzmatdaşlyk ähmiýetli gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.
Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili, şeýle hem ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyzystanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Estoniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Azerbaýjanyň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Niderlandlaryň, Belarusyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu möhüm ähmiýetli çäräniň giň wekilçilikli bolmagy Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiligine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.