Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Foruma Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar gatnaşdylar.
...Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu halkara maslahat mynasybetli iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen foruma gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde, energetika, ulag, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmekde, degişli ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmakda onuň örän uly ähmiýetini nygtady.
Soňra “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň işine ak pata bermek we esasy beýannama bilen çykyş etmek üçin uly hormat bilen Gahryman Arkadagymyza söz berildi. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, şu foruma gatnaşýandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň işine üstünlik arzuw etdi.
Şu ýere daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň we iri kompaniýalaryň wekilleri ýygnandy. Bu biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär. Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, şu ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we Türkmenistanyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýandygyny, islendik iri ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalarynyň diňe durnuklylyk hem-de birek-birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biljekdigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Geografiýa taýdan serişdelere esaslanýan, döwrebap tehnologiýalardan, ekologik standartlardan, netijeli çözgütlerden döredilen uly ykdysady ösüşiň döwri geldi. Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. Şoňa görä-de, esasy halkara institutlaryň we maliýe edaralarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de Türkmenistanyň adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini, energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini we bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýändigine ünsi çekdi. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler.
Gahryman Arkadagymyz agzalan sebitlerde häzir durmuşa geçirilýän energetika, ulag hem-de üpjünçilik taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine ünsi çekip, olaryň täze energetika, ulag, senagat, tehnologik geçelgeleri döretmek arkaly Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerini birleşdirmäge gönükdirilendigini nygtady.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi örän möhüm taslamalaryň biridir. Bu taslamanyň maksady häzirki döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekdir. Häzir biz bu taslamanyň işleriniň bellenen maksatnama laýyklykda alnyp barylýandygyny ynam bilen aýdyp bileris diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Bu gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän, uzynlygy 214 kilometr bolan bölegi guruldy. Geçen ýylyň sentýabrynda bolsa onuň 153 kilometrlik Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda onuň gurluşygy Owganystanyň çäklerinde dowam etdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy barada aýtmak bilen, onuň ýokary ýaşaýyş-durmuş ähmiýetini aýratyn bellemek isleýärin. Hünärmenleriň baha bermegine görä, gaz geçirijiniň we degişli üpjünçilik ulgamlarynyň, täze edara-kärhanalaryň gurulmagy Owganystanda 12 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer. Bu ýurtda ençeme möhüm ynsanperwer soraglary çözmäge ýardam eder. Taslamanyň amala aşyrylmagy köp sanly ýuridik, täjirçilik, maliýe meselelerini çözmek bilen baglydyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäklerinde nebitgaz ulgamynda işler halkara tejribede emele gelen kadalara we standartlara laýyklykda alnyp barylmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy hem-de şu maslahatyň energetika kompaniýalarynyň, konsalting firmalarynyň we banklaryň ýolbaşçylaryna, hünärmenlerine hem-de bilermenlerine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäklerinde bilelikde işlemek barada pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň indi ençeme ýyllardan bäri elektrik energiýasyny ibermekde serhetdeş sebitler bilen netijeli işleri alyp barýandyklaryny, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen, ýurtlarymyzyň häzirki zaman elektroenergetika desgalaryny gurmak barada hem teklipleri öňe sürýändiklerini belledi. Bu Merkezi Aziýa ýurtlaryndan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermäge mümkinçilik berer. Şolaryň hatarynda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan elektrik energiýasyny öndürýän esasy ýurtlaryň biridir. Ol köp ýyllardan bäri elektrik energiýasyny goňşy ýurtlara — Eýrana, Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana iberýär.
Biziň ýurdumyz öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň üstünde hem netijeli işleýär. Häzirki wagtda elektrik energiýasy eýýäm Owganystanyň Hyrat şäherine iberilýär. Bu ulgamy goňşy ýurduň üstünden Pakistana çenli dowam etdirmek üçin tehniki resminamalaryň üstünde işlenilýär. Onuň bilen ugurdaşlykda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy-da çekilýär. Häzirki döwürde Merkezi we Günorta Aziýanyň ulag babatda özara arabaglanyşygy hem-de şunuň bilen bagly ösüş taslamalary Ýewraziýa yklymynyň ykdysady strategiýalarynyň möhüm bölegidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we Merkezi hem-de Günorta Aziýany birleşdirýän üstaşyr ulag geçelgelerini netijeli ulanmagyň, täzelerini döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu bolsa Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýolagçylary gatnatmagy, ýükleri daşamagy doly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu gatnawlaryň möçberlerini artdyrmak üçin demir we awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň taslamalary amala aşyrylýar. Howa, deňiz ýollarynyň, gury portlaryň döwrebap üpjünçilik ulgamlary döredilýär. Logistikany sazlaşykly we utgaşykly alyp barmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistandan Owganystana, ondan aňryk Pakistanyň portlaryna barýan demir ýoluň gurluşygyny muňa mysal hökmünde getirip, häzirki döwürde türkmen hünärmenleri tarapyndan gurlan, uzynlygy 115 kilometr bolan Kerki (Türkmenistan) — Andhoý (Owganystan) demir ýolunyň netijeli işleýändigini, türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine çenli uzynlygy 165 kilometr bolan demir ýoluň gurluşygynyň meselelerine seredilýändigini we bu işde taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan taraplaryň halkara maliýe institutlary, maýa goýum gaznalary, bank edaralary we degişli guramalar bilen hyzmatdaşlygyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly maliýe hyzmatdaşlary bolan Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Katardan, beýleki dostlukly ýurtlardan ösüş gaznalarynyň hem-de banklarynyň Merkezi we Günorta Aziýa bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen işini dowam etdirjekdigine ynam bildirip, bu maslahatyň maliýe ulgamynyň wekillerine degişli teklipleri beýan etmek üçin gowy mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Biziň Aziýadaky umumy maksatlarymyz diňe bir anyk taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmeýär. Ol maksatlar has giň gerimlidir. Dünýäniň bu böleginde durnukly parahatçylyk we howpsuzlyk binýadyny döretmek, giň hyzmatdaşlyk üçin ynanyşmak hem-de amatly ýagdaýy emele getirmek zerurdyr. Munuň üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmaly, dünýä derejeli energetika, ulag we kommunikasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegi uly merkezleriniň birini döretmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň şu maksatlary amala aşyrmaga iri halkara işewürleriň gatnaşmagyna bil baglaýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny, «Açyk gapylar» ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, şu günki geçirilýän maslahatyň bu meýilnamalary amal etmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra forum öz işini mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Olaryň birinjisi Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag, infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy hem geoykdysady ähmiýetine bagyşlandy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan ykdysady gatnaşyklaryň we diplomatik dialogyň uzak möhletli durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleri bolup durýandygyndan ugur alyp, sebit hem sebitara hyzmatdaşlyga ýardam bermekde möhüm orny eýeleýär.
Bu forumyň Türkmenistanda geçirilmegi tötänden däldir. Türkmenistan parahatçylygyň durnukly ösüşi üpjün etmegiň binýadydygy baradaky ýörelgeden ugur alyp, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirýär.
Merkezi Aziýanyň möhüm ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda köpri bolup durýar. Sebitiň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly söwdany ösdürmekde, medeniýetleriň özara alyşmagynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi ýaly taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyz sebit we ählumumy ulag ulgamlarynda wajyp orny eýeleýär.
Soňra forum öz işini “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri” hem-de “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky orny we ähmiýeti” atly mejlislerde dowam etdi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy durnukly energetika ulgamyny kemala getirmäge saldamly goşantdyr.
Türkmenistan durnukly energiýa howpsuzlygy ugrunda çykyş edip, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan anyk teklipleri öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda TOPH taslamasynyň gurluşygy bilen bir hatarda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy amala aşyrylýar. Aýratyn ähmiýete eýe bolan bu taslamalar tutuş sebitiň durnukly ösüşine, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna täze itergi bermäge gönükdirilendir.
Ýurdumyz sebitdäki goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. “Serhetabat” elektrik bekedinden Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky “Nur-el-Jahad” täze elektrik bekedine elektrik energiýasynyň iberilip başlanmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim bolan “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasynyň goňşy ýurda iberilýän möçberini artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen birlikde, Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurluşygy dowam edýän, kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we ol ýerden hem beýleki ýurtlara eksport etmek üçin mümkinçilik döretjekdigi bellenildi.
“Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary” atly mejlisde köpşahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmeginiň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri, dünýä ösüşiniň wajyp ugry bolup durýandygyna üns çekildi. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan sebit we halkara ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.
“Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaklary” atly jemleýji mejlisdäki çykyşlarda abraýly halkara guramalar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Ýangyç-energetika pudagyny, energiýa serişdelerini ugratmagyň eksport ugurlaryny ösdürmek, döwrebap üstaşyr ulag infrastrukturasyny döretmek ýola goýlan netijeli maýa goýum gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmenistanda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzdaky durnukly energetika taslamalaryna halkara maliýe düzümleriniň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär.
Ulag ulgamy hem sebitara hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Merkezi Aziýa sebitiniň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyny ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Duşuşyklaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen bu gezekki forum Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.