744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.10.2023
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi diýip, TDH habar berýär. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda soňky ýyllarda gazanylan özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we açyklygyň derejesiniň ýokarydygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli, gyşarnyksyz we maksadaokgunly ösdürilýär. «Biz bu hyzmatdaşlygy ösdürip we giňeldip, türkmen we hytaý halklarynyň dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk taryhy gatnaşyklaryna, olaryň birek-birege çuňňur hormat goýmagyna, iki döwletiň häzirki halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, taraplaryň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna daýanýarys» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlygyň şeýle häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Hytaýyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halkara durnuklylygyny we howpsuzlygyny saklamaga hem-de pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar, derwaýys sebit meseleleriniň ençemesini çözmäge ýardam edýär, Aziýa yklymynda söwda-ykdysady işleri çaltlandyrmagyň we giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. «Türkmenistan Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk meýillidir, şeýle hem syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etmäge taýýardyr» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.