744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.10.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-iň Başlygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine bolan iş saparynyň jemleýji gününde Halk ýygnaklar öýünde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär. Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän hem-de uzak geljegi nazara alyp ýola goýulýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-e iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.