744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
20.10.2023
TNGIZT-de ýanwar-sentýabr aýlarynda 3,4 mln tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

2023-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 3 million 412 müň 794 tonna «gara altyn» gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi. Şol sanda awtomobil benzinini öndürmek boýunça umumy meýilnama 105,4 göterim, kerosin – 108,8 göterim, dizel ýangyjy – 105,3 göterim, motor ýaglary – 100,9 göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazyň önümçilik depginleri has-da haýran galdyrýar. Munda önümçilik 1,9 esse artdy. Häzirki wagtda TNGIZT içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan nebit we nebithimiýa önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär.