744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
23.10.2023
Prezident OGT-2023 halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy

Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly XXVIII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, foruma daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe düzümleriniň köp sanly wekilleri, ýurdumyzyň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar. Maslahatyň gün tertibine giň ugurlar — baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlaryny, maýa goýum işlerini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklary we elektroenergetika, ekologik taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmek ýaly möhüm meseleler giriziler. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, nebitgaz senagatynyň ýeten derejelerini görkezmekde bu halkara maslahat we sergi uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle forumlar bu pudakda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklary işjeň ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutany bu halkara çärede daşary ýurt kompaniýalary bilen pudagy ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip belledi we bu çäräniň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.