Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Lýuksemburgda «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» atly 19-njy ministrleriň duşuşygynda eden çykyşynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we uzak möhletleýin maksatly özara gatnaşykda ileri tutulýan ugurlary görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar. ÝB bilen ykdysady hyzmatdaşlyk barada soraglar nygtaldy. Şunuň bilen balylykda, ministr sebitara söwda-ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygynyň möhümligini nygtady. Ol üstaşyr baglanyşyklary berkitmekde we Merkezi Aziýada hususy pudagy ösdürmekde ÝB-niň goldawyny belläp geçdi. energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada durup geçen türkmen diplomaty, energiýa çeşmeleriniň daşalmagynyň Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Hazarüsti gazgeçirijisi arkaly Ýewropa gaz eksportyny giňeltmäge hem-de ekologiki taýdan arassa we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iki rezolýusiýany ýagny, durnukly ulag we energiýa çeşmeleriniň hereketi baradaky kararlaryny goldamaga çagyrdy. Şeýle hem daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy meselesinde durup geçdi we bu ugurda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de işleşmegiň möhümdigini nygtady. Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän täze ulag baglanyşyklary döretmegiň möhüm ornuny belläp, R.Meredow Hazar deňzi - Gara deňiz ýoluny ösdürmek üçin köptaraplaýyn tagallalara aýratyn ünsi çekdi. Ulag aragatnaşygyny mundan beýläk has hem berkitmek maksady bilen 2024-nji ýylda Türkmenistanda ýokary derejeli duşuşyk geçirmek teklip edildi. Ministr Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegini azaltmak baradaky ygrarlylygyny tassyklady. «Ýaşyl guşak» ýaly milli maksatnamalar barada çykyş etdi we döwlet Baştutanynyň howanyň üýtgemegi meselesini çözmek üçin Aşgabatda Howa tehnologiýalary sebit merkezini döretmek baradaky teklibi bilen tanyşdyrdy. Sözüniň ahyrynda ministr saglygy goraýyş we sanly ykdysadyýet ýaly dürli pudaklarda özara gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçiliklere ünsi çekdi. Lýuksemburgda geçirilen ministrler duşuşygynyň netijesinde ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin Bilelikdäki Ýol kartasy, şeýle hem ÝB-Merkezi Aziýa ministrleriniň 19-njy duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Formata gatnaşyjy ýurtlar, 2024-nji ýylda “Merkezi Aziýa - ÝB” ministrliginiň indiki ýubileý duşuşygynyň Türkmenistanda geçirilmegini goldadylar.