744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
10.04.2025
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktory bilen duşuşygy geçirildi

Ženewa amala aşyrylan saparyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

BSG-nyň Baş direktory Türkmenistanyň durmuşa geçirýän tagallalaryna we BSG-e goşulmak bilen baglanyşykly meselelerde görkezilen ussatlyga ýokary baha berdi. Okonjo-Iweala Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna – Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurdaky strategiki goldawlary üçin aýratyn minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna goşulyşmagy ugrundaky ädimleriniň çäginde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklandy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi