744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
12.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa meýilleşdirilýän iş saparyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde boljak iş saparyna taýýarlyk görmek boýunça degişli çäreler görülýär we onuň ýokary derejede geçirilmegi üçin zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.

Hasabaty diňläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Syýasy-ykdysady hem-de medeni-gumanitar ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, Daşary işler ministrine dostlukly ýurtda geçiriljek iş saparyna degişli derejede taýýarlyk görmegi we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi