2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralary we çäreleri guramak boýunça Guramaçylyk toparynyň döredilendigi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz häzirki wagtda syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, parahatçylygy goldaýan we milli ösüş ýörelgelerine üstünlikli eýerýän döwletleriň birine öwrüldi. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, milli medeniýet ulgamyny, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek, türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň metbugatynyň halkara giňişligine goşulmagy boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Wise-premýer Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny halkara derejede uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamak ugrunda giň gerimli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýdyp, degişli resminamanyň taslamasyny Döwlet baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hasabaty diňläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet derejesindäki dabaralaryň we çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek hakynda” Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.