744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
16.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy

Ýaponiýada saparda bolmagynyň çäklerinde, 15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy.

Ýapon Imperatorynyň köşgünde geçirilen duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze tapgyryna çykandygyny aýdyp, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary, senagatlaşdyrmagyň ýokary derejesi bilen meşhurlykdan peýdalanýar. Türkmenistan bolsa tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolup, ýapon tehnologiýalaryny çekmek arkaly olary has netijeli ulanmaga çalyşýar. Şular barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň soňky ýyllarda elektroenergetika, nebitgaz senagaty, himiýa we gurluşyk, ulag, oba hojalygy ýaly pudaklaryny işjeň döwrebaplaşdyrýandygyna ünsi çekdi.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Ýaponiýa ýokary tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa, durnukly ösüş ýaly ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirilýär. Şeýle-de duşuşykda medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýandygy bellenildi.

Çeşme: Türkmenmetbugat