15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz düýn Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ýaponiýanyň Hökümet binasynda belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiziň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Oňa iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygyny Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini aýdyp, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk we dostlukly syýasy dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy şerti bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Ýaponiýa ähli esasy ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň arasynda işjeň syýasy dialog alnyp barylýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Şunda parlamentara gatnaşyklara hem aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar hakynda barýar. Şunda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylan iri taslamalara aýratyn üns berildi. Diýarymyzyň çar künjeginde hereket edýän ammiak we karbamid, polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça zawodlar, tebigy gazdan benzin öndürýän iri senagat kärhanasy, gaz turbinaly elektrik stansiýasy şolaryň hataryndadyr. Hormatly Prezidentimiz şulary mysal getirip, Türkmenistanyň ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde täze ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministrini şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Çeşme: Türkmenmetbugat