Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde sagat 15:00-da “Açyk gapylar” gününi geçirer. Ol Aşgabatdaky baş binada hem-de Balkanabat şäherindäki şahamçasynda geçiriler.
Orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby gullukçylar hem-de işleýän ýaşlar gatnaşmaga çagyrylýar.
Myhmanlar ýokary okuw mekdebiniň taýýarlyk ugurlary, okuwa kabul edilmegiň şertleri, bilim ulgamyndaky üstünlikler we hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim pudagyny ösdürmekde alyp barýan syýasaty barada giňişleýin tanyşdyrylar.
Çärä gatnaşyjylar döwrebap okuw otaglary, laboratoriýalar, Maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy we ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar.
Goşmaça maglumat üçin iogu.edu.tm sahypasyndan we aşakdaky salgylardan peýdalanyp bilersiňiz:
Aşgabat: 39-13-05, 39-13-18
Balkanabat: (+993222) 4-93-62, 2-19-98
E-poçta: iuog@sanly.tm
Çeşme: Turkmenmetbugat