744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
22.04.2025
TDHÇMB-de eksport geleşikleri $41 milliondan geçdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) geçen hepdedäki söwdalaşyklarynda umumy bahasy 41 million 130 müň 400 ABŞ dollardan gowrak bolan eksport geleşikleri baglaşyldy. 
Owganystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen hlorly natriýni we awtobenzini hem-de “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, awiakerosini, nebit bitumyny we gazbeton serişdelerini satyn aldylar.
Birža söwdalaşyklarynda şeýle hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dokma önümleri ýerlenildi.
Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 34 million 570 müň manat bolan portlandsement, nah ýüplük, buýan köküniň guradylan ekstraktyny satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly