744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
23.04.2025
Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy

22-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy.

Saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana Gazagystan Respublikasyna gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we bu sapara sabyrsyzlyk bilen garaşylandygy hem-de öz wagtynda amala aşyrylandygyny nygtady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagymyzy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen gutlap, Gazagystanyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu şahsy başlangyjyny ruhubelentlik bilen goldandygyny nygtady.

Gazagystanyň Baştutany 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bagyşlanyp geçiriljek Halkara foruma gatnaşmaga çakylygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, bu çakylygy höwes bilen kabul edendigini hem-de türkmen paýtagtyna sapary amala aşyrmaga meýillidigini nygtady. Şu ýylyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändiginiň çuňňur manysy bardyr diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew şeýle hem ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Aşgabatda ajaýyp gazak döredijilik işgärleriniň – Kurmangazynyň we Abaýyň ýadygärlikleriniň açylandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň gadymy Türküstan şäherinde bolmagy üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara foruma gatnaşmagyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň 21-nji martynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasyny goldandygy we awtordaş bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Biziň ýurtlarymyzyň ägirt uly kuwwaty bar, özara söwdanyň, maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, energetika, ulag, aragatnaşyk ulgamlarynda, senagatyň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ondan netijeli peýdalanmak möhümdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, geçen ýylyň tomsunda Astanada nebitgaz ulgamynda bilelikdäki işleri geçirmek baradaky möhüm ähmiýetli ylalaşyk gazanyldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabada bolan saparynyň barşynda iki ýurduň iri ugurdaş düzümleriniň arasynda resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi bu ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň olary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklap, “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek we türkmen tebigy gazyny Gazagystana ibermek taslamasyny ilerletmek boýunça işi utgaşdyrmak maksady bilen döredilen bilelikdäki iş toparyna degişli tabşyryklary bermegiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag we kommunikasiýalary hem hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamlarynyň hatarynda görkezdi.

Gahryman Arkadagymyz şeýle hem mundan beýläk-de amatly ulag-üstaşyr şertleri döretmek maksady bilen, Hazar deňzinde Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garamagy teklip etdi.

Şeýle hem awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly ýük daşamalaryň oňyn ösýändigi nygtaldy. Hususan-da, “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ulgamlaýyn işini dowam etmegiň maksadalaýykdygyny belledi.

Türkmen-gazagystan işewürler geňeşiniň işini ilerletmek we onuň mejlislerini yzygiderli geçirmek netijeli hasaplanylýar. Geňeşiň nobatdaky mejlisi 2025-nji ýylyň martynda Aşgabatda geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri geçen ýyl Astanada we Aşgabatda özara Medeniýet günleriniň geçirilendigini belläp, bu asylly däbi dowam etmegi teklip etdi.

Gahryman Arkadagymyz sözüniň ahyrynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni “SPK TURKISTAN” senagat parkyna tarap ugrady.

Bu iri senagat meýdançasy sebitleýin maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilýän ýeri bolup durýar. Senagat parkyny döretmegiň maksady sazlaşykly önümçilik gurşawyny döretmekden, ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Iki tapgyrda amala aşyrylýan “SPK TURKISTAN” taslamasynda senagat desgalaryny, dolandyryş-durmuş toplumyny we beýleki degişli binalary gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu ýerde dürli pudaklarda ýöriteleşdirilen kärhanalaryň birnäçesi ýerleşýär.

ahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew senagat parkyna baranda, bu ýerde öndürilýän dürli önümler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän sergi bilen tanyşdylar.

Açyk meýdançada ýeňil awtoulaglar, traktorlar, kombaýnlar, awtobuslar, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlary görkezildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystan Respublikasynyň Baştutany ykdysadyýetiň dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk ulgamy, oba hojalygy, ulag ulgamy üçin niýetlenen senagat önümleriniň nusgalarynyň, şeýle hem gaýtadan işleýän senagatyň önümleriniň, kompýuter we durmuş tehnikasynyň görkezilýän sergi bölümine bardylar. Gahryman Arkadagymyza we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine mowzuklaýyn wideoşekiller hem görkezildi.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti bilelikde Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menziline geldiler.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň we halklaryň doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz uçarda dostluk sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi