744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
26.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi

25-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda deputatlaryň Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly raýatlaryň tekliplerini öwrenmek boýunça degişli işleri alyp barýandyklary barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 27-nji aprelde ýurtda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň milli buýsanjydygyny, gymmatly baýlygydygyny belledi.
Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylary we ähli halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň agzalary hem Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutladylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi