Şu gün Arkadag şäherindäki «Märkaw» myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady.
Bu çärä YHG-nyň agza döwletleriniň, halkara guramalaryň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, ýurduň degişli ministrlikleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Forumyň maksady Durnukly ösüş maksatlary boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek ugrunda YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybarat.
Foruma gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşarlar we ileri tutulýan ugurlary kesgitläp, hyzmatdaşlyk strategiýasyny işläp düzerler.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynyň ahyrynda sebitiň durnukly ösüşi ugrunda mundan beýläkki ädimler üçin esas boljak Jemleýji resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär.