28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi.
Bellenilişi ýaly, Asad Majid Han duşuşykda YHG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy. Şeýle hem ol YHG-niň şu gezekki forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi we bu çäräni geçirmäge beren goldawlary üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda bu gurama agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa, syýahatçylyk we medeniýet ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň gazyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.
«Geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek üçin berk esas bolup durýar. Ulaglaryň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň döredilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutany üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.