Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar. Döwlet Baştutany 1-nji maýda bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa Hökümet agzalary bilen birlikde, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle-de Balkan welaýatynyň häkimi hem gatnaşdy. Mejlisde şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Mejlisde ilki bilen milli Parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa halkara maslahatyň çäklerinde guraljak Parlamentara foruma taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.
Soňra wise-premýerler we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde bu halkara maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan degişli işler barada hasabatlary berdiler.
Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri geçirmegi, maslahatyň geçýän döwründe tertip-düzgüniň, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmagy tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow halkara maslahata görülýän taýýarlyk hem-de welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň häkimine halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen welaýatda, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany şeýle-de Balkanabat halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutany BMG bilen bilelikde geçiriljek bu halkara ähmiýetli maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.