Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli 5-nji iýunda Aşgabatda “Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat (TESC 2025) geçiriler.
Tejribe alyşmak, innowasiýalar bilen tanyşmak we durnukly energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm meýdança öwrüljek maslahat Türkmenistanyň döwlet kompaniýalary – “Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan guralýar. Onuň “Ygtybarly, durnukly, arassa energiýa” atly şygary geljek üçin ekologiýa meselelerine jogapkärli garalýandygyny görkezýär.
Oňa gatnaşmaga BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy, Halkara energetika agentligi hem-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) ýaly halkara düzümleriň wekilleri çagyryldy. Maslahata şeýle hem döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, alymlar, işewürler, daşky gurşawy goramak ugrunda çykyş edýän taraplar gatnaşarlar.
Bu çäre uglewodorod serişdeleriň önümçiliginde ekologiýa täsirleri azaltmak boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamaga ünsi çeker. Geçen ýylda geçirilen foruma 31 ýurtdan 250 töweregi wekil gatnaşypdy.
Maslahata gatnaşmak tölegsiz esasda amala aşyrylyp, daşary döwletlerden gatnaşyjylara wiza kömekleri berilýär. Maslahata gatnaşjaklary hasaba almak işi “TESC 2025-niň” resmi web-saýtynda açykdyr.
Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly