744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
07.05.2025
Parižde Türkmen-fransuz ykdysady forumy geçirildi

Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Parižde guralan Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy we onda çykyş etdi.

Foruma geljegi uly, durnukly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri çagyryldy. Oňa Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen, Türkmenistanyň wekiliýet agzalary, şeýle hem türkmen işewürleri-de gatnaşdylar.

Forumyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna we milli medeni mirasyna bagyşlanan sergini synladylar.

Fransiýanyň «MEDEF-International» halkara assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Filip Gautýe forumy açyp, Gahryman Arkadagy mähirli mübärekledi hem-de Fransiýa saparynyň çäklerinde bu foruma gatnaşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi. Ol bu forumyň oňa gatnaşýan fransuz kompaniýalary üçin taryhy pursatdygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyny nygtap, forumyň giň wekilçilikli düzüminiň Türkmenistanyň özüne çekijiligini görkezýändigini belledi.

Şeýle hem Filip Gautýe amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de iş alyp barmak üçin ähli şertler döredilen ýurtda işlemegiň fransuz işewürleri üçin uly buýsançdygyny belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz bu duşuşygyň guralandygy hem-de türkmen-fransuz ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin fransuz tarapyna minnetdarlyk bildirip, forumdaky çykyşynyň üç ugurdan ybaratdygyny belledi. Bellenilişi ýaly, çykyş üç ugur: birinjiden, Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjiden, geoykdysady ýagdaýy, üçünjiden, bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly mesele hakynda boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň barşynda foruma gatnaşyjylary şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Aşgabatda halkara derejede geçiriljek çärelere çagyrdy.

«Türkmenistan fransuz işewürlerine maýa goýumlaryny goýmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli amatly şertleri döretmegi teklip etmäge taýýardyr» diýip, Gahryman Arkadag nygtady we bäş ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselesine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy fransuz işewür toparlary bilen özara gatnaşyklarda göz öňünde tutulýan uzak möhlete niýetlenen mümkinçiliklerden ugur alyp, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.

Forumda çykyş eden Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaklyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Airbus Defence and Space SAS» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen «IGN FI» kompaniýasynyň (Fransiýa) arasynda ýer kadastry we oba hojalyk ekinlerine uzak aralykdan gözegçilik etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda suw hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «SUEZ International» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň gaz senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi