744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
15.05.2025
Türkmenistan nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär

14-nji maýda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhasynda nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen meselelere degişli duşuşyklar boldy.

«Türkmennebit» döwlet konserniň we «Türkmengaz» döwlet konserniň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda işleýän Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Şeýle hem bu ýerde «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň ýurdumyzda saparda bolýan wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony netijeli ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň ýolbaşçylary kuwwatly ykdysadyýeti bolan we özüniň hyzmatdaşlyk borçlaryny birkemsiz berjaý edýän Türkmenistan bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Soňra ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen halkara derejesindäki duşuşygy boldy.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlaryna bagyşlanan halkara duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudaklaryndaky işiň ilerlemegini we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ugurlaryny özünde jemleýän ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi.

Olaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Petronas Çarigali Türkmenistan» kompaniýasynyň, şeýle hem «ADNOC Türkmenistan Limited» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen şertnamalar bar.

Şeýle hem halkara duşuşygyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Petronas Çarigali Türkmenistan» kompaniýasynyň hem-de «ADNOC Türkmenistan Limited» kompaniýasynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek şertnamasyna gol çekildi. Munuň özi geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»