744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
30.05.2025
Türkmenistan nebitiň we gazhimiýa önümleriniň eksportyna degişli düzgünleri kämilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nebitiň, nebit önümleriniň hem-de gazhimiýa önümleriniň eksporty babatda ýük amallaryny geçirmegiň düzgünlerini kämilleşdirmek boýunça teklibi makullady. Bu barada 29-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Ýurdumyzyň deňiz portlarynda ýük amallaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-usulyýet resminamalary kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, degişli döwlet edaralary bilen bilelikde «Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebitiň, nebit önümleriniň we gazhimiýa önümleriniň daşary ýurtlara daşalmagy bilen baglanyşykly ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň» taslamasy taýýarlanyldy.

Hasabaty jemläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň toplumlaýyn ösdürilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri dowam etdirmek baradaky tabşyrygy berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi