744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
21.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti “Uzynada” nebitgaz ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça teklibi makullady

20-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebitgaz ýataklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny özleşdirmek, hususan-da, ony elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bu bolsa täze ýatagyň elektrik üpjünçiligi bilen bir hatarda, beýleki ýanaşyk ýataklary hem elektrik energiýasynyň goşmaça möçberi bilen üpjün etmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebitgaz känlerinde täze ýataklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy hem-de täze açylan “Uzynada” nebitgaz ýatagyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi