744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
23.06.2025
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) DIM maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi

2025-nji ýylyň 21–22-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambul şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 51-nji mejlisine gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de ylmy ugurlar boýunça häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Mejlisiň gün tertibinde YHG-na agza döwletlerinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmak, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesine aýratyn orun berildi.

Forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň wekili ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde YHG çägindäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň hem-de Guramanyň ähli agza döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ileri tutulýandygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny bellenildi.

2025-nji ýylyň 22-nji iýunynda YHG DIM-niň 51-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

Resminamada bitaraplygyň syýasy-hukuk gurallarynyň biri hökmünde halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga, döwletleriň arasynda dostlukly, parahatçylykly we özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýändigi nygtalýar.

Bu Rezolýusiýanyň YHG derejesinde kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji daşary syýasat strategiýasynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň hem-de oňa ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu daşary syýasat strategiýasy özara ynamyň berkemegine, gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

***

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 51-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen esasy çäreleriň biri Türkmenistanyň başlangyjy boýunça gurnalan «Parahatçylyk we ynanyşmak: Yslam dünýäsinde bitewüligiň we durnuklylygyň binýady» atly tegelek stol boldy.

Bu çärä YHG agza ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, abraýly halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň, diplomatik korpusyň wekilleri, tanymal syýasatçy alymlar hem-de habar beriş serişdeleri gatnaşdy. Jemi 100-e golaý adam ýygnandy.

Tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň diňe bir ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem sebitde we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen täsirli gurallaryň biri bolup durýandygy bellenildi.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, umumy abadançylygyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge anyk goşant goşýandygyny aýratyn nygtadylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi