744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
17.07.2025
Türkmenistanyň we Horwatiýanyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary hem-de Ýewropa işler ministri Gordan Grliç-Radman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we türkmen-horwat hyzmatdaşlygyny dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Horwatiýanyň Daşary hem-de Ýewropa işler ministriniň şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana meýilleşdirilýän saparynyň ähmiýeti nygtaldy. Şol döwürde Türkmenistanyň we Horwatiýanyň hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki toparynyň dördünji mejlisi hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda Ykdysady forum geçiriler.

Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahaty (LLDC 3) bilen baglylykda geçiriljek taýýarlyklar bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler, şeýle-de, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi