744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
18.07.2025
OGT 2025: Türkmenistanyň öňdebaryjy energetika forumy bolup, dünýäniň ünsüni çekýär — 100-den gowrak wekil eýýäm bellige alyndy.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025” atly halkara 30 ýyllyk ýubileý forum ýurduň esasy energetika meýdançasy bolup, şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilmeginiň öňsyrasynda barha gyzgalaňly depginde dowam edýär. Häzirki wagtda eýýäm 100-den gowrak gatnaşyjylar bellige alyndy we bu maslahat häzirki çäräniň taryhynda iň köp wekilleriň gatnaşjak we innowasion forumlarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
“Energiýa. Innowasiýa. Ösüş” şygary bilen geçiriljek OGT 2025 forumy dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunyň ýolbaşçy hünärmenlerini, maýadarlaryny we syýasatçylaryny bir ýere jemläp, Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportyny giňeltmek we gaýtadan dikeldilýän energetika taslamalaryny ösdürmek boýunça iki ugurly strategiýasyny dünýä jemgyýetçiligine görkezmegi maksat edinýär.
Dünýä derejesindäki hünärmenler strategik gepleşikleriň merkezinde
Çäräniň tassyklanan esasy hyzmatdaşy — S&P Global Platts kompaniýasynyň guramagynda energetikanyň ösüşiniň çaklamalaryna, nebithimiýa pudagyndaky täze ugurlara we sanly söwda gurallary boýunça ýörite ýapyk görnüşinde tegelek stol maslahatlary geçiriler. Şeýle-de, Gaffney Cline we Nebitçi-inženerleriň jemgyýeti (SPE) ýaly kompaniýalar tarapyndan uglewodorodlary tutmak we gaz ammarlaryny döretmek boýunça tehniki maslahatlar guralar — bu ugurlar energetika ulgamynyň çeýeligini üpjün etmekde örän wajypdyr.
Esasy çykyş etjek wekilleriň hatarynda:
• Dr. Daniýel Ýergin (S&P Global) – energetika geosyýasaty we sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça çykyş eder;
• Artur Andrisýak (Aziýa ösüş banky) – ýaşyl energetika ulgamynda taslamalary maliýeleşdirmegiň mehanizmleri barada beýan eder;
• Julian Bowden (Oksford energetika barlag instituty) – Özbegistanyň gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamyndaky tejribesin paýlaşar.
Deňagramlaşdyrylan energetiki ösüş üns merkezde
Gazyň känlerini işläp taýýarlamak we iri turbageçiriji taslamalaryndan başga-da, OGT 2025 forumynda Türkmenistanyň gün, ýel elektrik stansiýasyny öz içine alýan gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamyndaky Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini görkezer, şeýle hem, metan we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar 
Energetika enjamlarynyň dünýä belli üpjünçisi bolan Auguste International kompaniýasy çäräniň maksatnamasyna operasion we tehniki taýdan çuňňur mazmun goşup, forumyň altyn hemaýatkäri hökmünde çykyş edýär.
Bellige alnyşyk dowam edýär. Giňişleýin maglumatlary www.ogt-turkmenistan.com web-sahypasyndan alyp bilersiňiz.