Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 19-njy awgustda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi.
Maslahatyň gün tertibine Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri we öňde duran wezipeleri baradaky hem-de guramaçylyk bilen bagly käbir meseleler girizildi.
Maslahatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi. Şunda hormatly ýaşulularyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylykdan ugur alýandyklary, şol sanda howandarlyga mätäçlere goldaw bermäge taýýardyklary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary üns-alada bilen gurşaýandyklary bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň täze agzalygyna kabul etmek maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
Hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Meretgeldi Gulgeldiýew hödürlenildi.
Şeýle hem Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Italmaz Saparlyýew hödürlenildi.
Ahal welaýaty boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Arkadag şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň wekili, Hormatly il ýaşulusy Kakajan Täşliýew hödürlenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna hödürlenilen ýaşulular maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan saýlandy.