744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
20.11.2023
Döwlet Baştutany «Türkmengaz» DK-nyň düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň möhümligini belledi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserniň garamagyndaky kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak we ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri çykarmak, olary dünýä bazarlarynda ýerlemek üçin zerur işler geçirilýär. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz çykaryş ulgamlarynda döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň, maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.