744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
20.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti görnükli raýatlara "Hormatly il ýaşulusy" adyny berdi

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow garaşsyzlygy berkitmekde, milli däp-dessurlary gorap saklamakda we ýaşlara bilim bermekde möhüm goşant goşan raýatlara "Hormatly il ýaşulusy" adyny bermek baradaky karara gol çekdi.

Döwlet baştutany, ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny bermek kararyna geldi:

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Nuryýewiç Orazowa,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw bölüminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy Annaberdi Gulmyradowa,

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäherindäki Hezreti Osman metjidiniň baş ymamy Sadyk Nepesowiç Sähetowa,

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Orazguly Karataýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 22-nji orta mekdebiniň müdiriniň hojalyk işleri boýunça orunbasary Çarygeldi Aşyrowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman bakteriology Saparmyrat Jotdyýewe,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kürengala geňeşliginiň Kürengala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Tagandurdy Tekäýewiç Öwezberdiýewe,

«Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň «Türkmenbaşyagyzsuw» müdirliginiň 35000m3 deňiz suwuny süýjediji desgasynyň sakçysy Şadurdy Mämmetgylyjowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Tagangeldi Işangulyýewe,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbanmämmet Gurbannazarowiç Eşerowa,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Kamil Sadullaýewiç Rozmetowa,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Derýalyk geňeşliginiň Annagara obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Jummulowa,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň Garaporsaň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Annageldi Nazarowiç Gurbanseýidowa,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepguly Meretgulyýewiç Öwezowa,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýkuly Babakulyýewiç Ereşowa,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginiň Çandyr obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kurbanbaý Rozybaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni Annamyrat Hotjyýewe,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky geňeşliginiň J.Atajanow adyndaky obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Begmuhammet Annanurowiç Hojaberdiýewe,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň Söýünalybedeň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bazar Nuryýewiç Hojiýewe.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti