Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory Dan Ýankunyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar ykdysady hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşdylar we bu ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, hususan-da Hazar we Gara deňizlerini birleşdirýän taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şeýle hem taraplar Rumyniýada ýaşaýan we okaýan Türkmenistanyň raýatlaryna degişli konsullyk meselelerine aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.