744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
29.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Polşanyň Prezidentinden gutlag hatyny aldy

Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawrockiý ýurduň garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.

“Ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklar ýola goýlup, ol durnukly ösdürilýär. Giň gerimli hyzmatdaşlygyň netijesinde özara hereketleriň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda has-da berkidiljekdigine ynanýaryn.

Size we Türkmenistanyň ähli halkyna döwlet özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, Merkezi Aziýada howpsuzlygy berkitmek babatdaky tagallalaryňyzda rowaçlyklary, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin”, - diýip Polşanyň baştutany öz gutlag hatynda yazdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti