744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
30.10.2025
Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Ýaşlar dialogy geçirildi

Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, 2025-nji ýylyň Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine hem-de BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanyp “Ýaşlar dialogy” atly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Çäräniň açylyşynda Ilçi Aýmyrat Goçmyradow öz eden çykyşynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň belleýändigi sebäpli, şu ýylyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu hukuk taýdan aýratyn derejäniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek tassyklanandygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalary bilen berkidilendigi nygtaldy.

BMG-niň Täjigistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Parwati Ramaswami öz çykyşynda, Türkmenistanyň dünýäde parahatçylyk, bitaraplyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlydygyny we bu ýörelgeleri halkara giňişliginde öňe sürmekde aýratyn goşant goşýandygyny belledi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly we konstruktiw çemeleşmäniň nusgasy bolup hyzmat edýändigini nygtady.

Maslahatlaryň çäginde halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň BMG bilen parahatçylyk we durnukly ösüş ugrundaky umumy maksatlaryna ýetmek boýunça hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi