Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerini we ähli watandaşlaryny Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň üpjün edilmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy hem-de banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.
Bank ulgamynyň işjeňligini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny we ýurduň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekden, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakdan, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu baş maksada ýetmekde bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr. Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen, onuň işiniň netijesinde uly möçberde pul serişdeleri dolanyşykda bolýar. Erkin pul serişdelerini dolanyşyga girizmek arkaly giňeldilen üznüksiz önümçiligi alyp barmak üçin maýa goýumlaryň çeşmeleri emele gelýär”, - diýip döwlet baştutanymyz nygtady.
“Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Hasaplaşyklary, pul aýlanyşygyny çaltlandyrmak, dürli görnüşli tölegleri ygtybarly we çalt geçirýän galtaşyksyz tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen, elektron töleg ulgamynyň gerimi giňeldilýär.
Türkmenistanyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary karzlaşdyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly abraýly halkara maliýe guramalary hem-de «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär. Strategik taýdan möhüm bolan iri maýa goýum taslamalaryny uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmekde ýurdumyzyň ygtybarly banklarynyň daşary ýurtly taraplar bilen baglaşan şertnamalary hem-de ylalaşyklary aýratyn ähmiýete eýedir”, - diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.