Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 31-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — оktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 17-si kabul edildi. Mundan başga-da, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. Wise-premýer hasabatyny dowam edip, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi.
Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,2 göterime deň boldy. Şeýle-hem Atahallyýew ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden belläp geçmek boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy innowasion usullary giňden ornaşdyryldy, okuw kitaplary neşir edildi. Hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler hem dowam etdirildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Täjigistan Respublikasyna, Italiýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Owganystana saparlary boldy. Soňra daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113 göterime deň boldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.