744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
01.11.2025
Türkmenistanda Hasyl baýramy mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçiriler

Türkmenistanyň wise-premýeri Taňryguly Atahalyyýew 31-nji oktýabrda hökümetiň mejlisinde gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Mundan başgada, Atahallyýew ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden belläp geçmek boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagyna uly ornuň degişlidigini, şoňa görä, pudagy toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti