744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
19.11.2025
Türkmenistanyň we Belarusyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 18-nji noýabrda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkowyň bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň türkmen-belarus strategik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Iki döwletiň köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti hem bellenildi.

Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem garadylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi