744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
20.11.2025
Türkmenistan we ÝHHG hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlalar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 19-njy noýabrda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglunyň bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, özara gatnaşyklaryň durnukly depginini we netijeli häsiýetini bellediler.

Söhbetdeşler halkara giňişliginde tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns berip, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu maksatlara sebit we ählumumy derejede ýetmekde bolsa, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň möhüm ornunyň bardygy nygtaldy.

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem aýratyn üns berildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi