744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.11.2025
Türkmenistan bilen Eýran sebitleriň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew 18-nji noýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffariniň bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan Rezawi welaýatynyň arasyndaky Ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki orny barada nygtadylar. Şeýle hem, iki ýurduň welaýat häkimleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň özara saparlarynyň amala aşyrylmagynyň hem-de saparyň çäklerinde sergileriň we medeniýet işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň ähmiýetini bellediler.

Mundan başga-da Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamy bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi