744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
09.01.2024
Parižde geçiriljek maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri başlandy

Türkmenistanyň energetika kompaniýalary 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek türkmen energetika maýa goýum forumyna işjeň taýýarlyk görüp başladylar.

Forumda goşmaça maýa goýum mümkinçlikleri hödürleniler.

Forumyň guramaçylary bolup “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Turkmen Forum” hojalyk jemgyýeti hem-de GaffneyCline britan kompaniýasy bilen yzmatdaşlykda çykyş edýär.

Çäräniň maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli pudaklaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek we energetika ulgamynyň mundan beýläkki durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny berkitmek bolup durýar. Çäräniň dowamynda nebiti we gazy çykarmak, ibermek we gaýtadan işlemek bilen bagly özara hereketleriň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Foruma öňdebaryjy energertika kompaniýalary, şeýle hem diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, sebitde nebitgaz pudagynyň geljegini düzgünleşdirýän bilermenler gatnaşar.