744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
14.12.2025
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 14-nji dekabrda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. Şu sene mynasybetli Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň mejlisler zalynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda gazanylan sepgitler” atly baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Halkara Bitaraplyk gününden soňra bellenilýän hünär baýramy mynasybetli guralan maslahat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine iberen Gutlagy okalyp başlandy. Gutlagda nebitçileriň, gazçylaryň we geologlaryň yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti netijesinde nebitgaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy, alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmäge ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy. Şeýle hem halkara derejeli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly uglewodorod baýlyklarynyň ilki bilen halkymyzyň abadançylygyna, geljek nesilleriň hem-de goňşy ýurtlaryň halklarynyň eşretli durmuşyna hyzmat etmegini üpjün etmegiň möhüm wezipeleri öňde goýulýandygy bellenildi. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa etmek, köpu gurly turbageçiriji ulgamlaryny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu çäreler energetika howpsuzlygyny berkitmäge, sebit ýurtlarynyň abadançylygyna we ykdysady taýdan durnukly ösüşe gönükdirilendir. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Soňra maslahata gatnaşan myhmanlara hem-de nebitgaz toplumynyň işgärlerine söz berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň açylyp ulanmaga berilendigini we şol taryhy senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmeginiň çuň many-mazmuna eýedigini nygtadylar. Şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze nebitli we gazly ýataklaryň açylmagy, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijileri, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisi pudakda gazanylan möhüm üstünlikleriň hatarynda görkezildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu iri taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata bermegi ýurtlaryň uzak möhletleýin ösüşine itergi berýän we sebitde durnukly ösüşi üpjün edýän möhüm ädim hökmünde görkezildi.

Çykyşlarda milli maksatnamalara laýyklykda nebitgaz pudagynda önümçiligiň möçberini artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Uglewodorodly guýulardan çig malyň yzygiderli alynmagy hem-de nebitgaz ýataklarynyň netijeli özleşdirilmegi alnyp barylýan işleriň ýokary depginde dowam edýändigini görkezýär. Şunuň bilen birlikde, nebitgaz baýlyklaryny çykarmak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere ugratmak döwründe daşky gurşawy goramagyň, ýokary ekologik talaplary berjaý etmegiň hem-de howanyň üýtgemegine täsiri peseltmegiň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyna üns çekildi.

Maslahatyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli zähmetde tapawutlanan işgärlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem dürli pudaklaýyn bäsleşikleriň ýeňijileri sylaglandy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňra Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde hünär baýramy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertde ýurdumyzyň sungat ussatlary öz çykyşlary bilen dabaranyň şatlygyny artdyrdylar.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti