744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
15.12.2025
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizi alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli gutlag iberdi.

Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň taryhy-medeni gymmatlyklaryny gorap saklamaga hem-de dünýä derejesinde tanatmaga gönükdirilen başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň we onuň ähli agza ýurtlarynyň giň goldawyna mynasypdyr. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras boýunça komitetiniň Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçiren soňky mejlisinde, Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamany goldamak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bu hakykaty aýdyň görkezýär.

Gutlagda şeýle bellenilýär: «Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu täsin jandar gadymy döwürlerden gelip, wepalylygyň, edermenligiň we batyrgaýlygyň nusgasy hökmünde häzirki güne çenli ýetdi». Şeýlelik bilen, türkmen alabaýlaryna ýokary baha berilýär.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti