744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
15.12.2025
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy­ny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gut­la­dy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk esasynda, ösüş we abadançylygyň ýolunda umumy maksatlara ýetmäge esaslanýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de onuň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Bahreýn Patyşalygynyň halkyna bolsa ösüş, rowaçlyk we bagtyýarlyk arzuw etdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti