744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
16.12.2025
Balkan welaýatynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenildi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda tutuş ýurt boýunça uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni Balkan welaýatynda hem ýokary derejede dabaralandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň biri «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde geçirildi.

Dabara milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenler, inžener-tehniki işgärler, önümçilik düzümleriniň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary işjeň gatnaşdylar. Buýsanç we ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabarada hormatly Prezidentimiziň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine iberen Gutlagy çärä gatnaşyjylaryň kalbynda çuňňur şatlyk duýgularyny döretdi.

Dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli tagallalarynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly özgertmeleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ýokary derejä çykarmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler üçin döwlet Baştutanymyza, Milli Liderimize egsilmez alkyşlar we hoşallyk sözleri beýan edildi.

Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde ulgamyň öňdebaryjy işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy çäreleriň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Şowhunly we täsirli geçen dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tans çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Çykyşlarda nebit-gazly, toýly ülkämiz, merdana halkymyz, dana döwlet Baştutanymyz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň beýik üstünlikleri joşgun bilen wasp edildi. Halk döredijilik toparlarynyň baý mazmunly çykyşlary bolsa taryhy senäniň şan-şöhratyny has-da belende göterdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti