744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
17.12.2025
Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan güwänama gowşuryldy

Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde 16-njy dekabrda «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Dabara Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen işler barada giňişleýin maglumat berýän çykyşlardan başlandy. Şanly wakanyň hormatyna guralan dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew çykyş edip, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan etdi.

Türkmen alabaýlarynyň dünýäde eýeleýän mynasyp ornuny ykrar edýän güwänama halkymyzyň milli gymmatlygymyza bolan buýsanjyny artdyrdy.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzy goramak we wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi nygtalýar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti