16-njy dekabrda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web saýtynda habar berilýär. Duşuşyga Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda parlamentara dialogy ösdürmek we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Plenar we mowzuklaýyn mejlislerde jemgyýetçilik adalatlylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak we daşky gurşaw boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek ugurlarynda parlamentara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine garaldy.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Seul şäherinde we 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşyklaryň parlamentara gatnaşyklaryň bu formatynyň netijeliligini we zerurlygyny aýdyň görkezendigini bellediler.
Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygynyň Bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi.